Bagy-bossanly mekan

5 Aprel 2021
1921

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky işler gül görkli Watanymyzyň tutuş giňişligini döredijilik ruhuna besleýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda günsaýyn gözelleşýän ýurdumyzda köpçülikleýin bag ekmek işleri yzygiderli häsiýete eýe bolýar. Bag ekmek, daşky gurşawy goramak, tebigaty gözelleşdirmek, daş-töweregi abadanlaşdyrmak, arassaçylyk çärelerini geçirmek halkymyzyň milli ýörelgelerine mahsusdyr. Tebigata we daşky gurşawa söýgi türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşynyň, däp-dessurlarynyň we milli mirasynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär.

Gahryman Arkadagymyzyň dana paýhasyndan gözbaş alýan beýik işler hemişe alys geljegi nazarlaýar. Täze taryhy eýýamymyzda daşky gurşawy gorap saklamak, tebigatymyzyň baýlyklaryndan netijeli peýdalanmak, ýurdumyzyň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär, tebigata, daşky gurşawa degişli kämil kanunlar, taryhy kararlar kabul edilip, umumadamzat bähbitli meseleleri çözmek boýunça ylmy-amaly maslahatlar, halkara forumlary yzygiderli guralýar. Türkmenistanyň Tokaý kodeksiniň, «Ozon gatlagyny goramak hakyndaky», «Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda», «Tebigaty goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi bu ugurda netijeli işleriň alnyp barylýandygyny, aýgytly çäreleriň durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezýär.

Gülruh HALJANOWA,
agrosenagat işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar