«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda döwlet derejesinde uludan tutulýan toý-baýramlaryň ikisini bu ýyldaky şanly wakalaryň iň esasylarynyň hatarynda durýar diýip arkaýyn aýdyp bileris. Çünki gözel paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň hem-de ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň toýy halkymyzyň, şeýle-de, döwletimiziň beýik taryhy ösüşleriniň baýramy bolup, Berkarar döwletimizde bagtyýarlyk döwrümiziň owazyny äleme ýaýar.
Şu günler halkymyz Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda belleniljek bu toýlara giňden taýýarlyk görýär.