Şaý-sepleriň çeperçilik aýratynlygy

2 Aprel 2021
2541

Halkymyz zergärçilik sungaty bilen irki döwürlerden bäri meşgullanyp gelýär. Türkmenistanyň çäginde täze daş asyry döwründe ilkinji zergärçilik ussahanasy bolupdyr. Ol Hazar ýakasyndaky Gubaseňňir burnunyň ýanynda ýerleşipdir. Bu ýerde balykgulakdan düzülen monjuk tapylypdyr. Birentek monjuklarda açyk gyzyl reňkiň yzy galypdyr. Şol döwürlere degişli bezeg şaýlarynyň we zergäriň daş gurallarynyň tapylmagy zergärçilik hünäriniň öz gözbaşyny iňňän gadymy döwürlerden alyp gaýdýandygyny görkezýär. Esasan hem, şaý-sep önümlerini ýasamak bilen erkek kişiler meşgullanypdyrlar. Olara zergär, hünärmen, çeper senetkär, ussanedir, ussalyguba, ussalygurba, kümüşçi ussa, kümüşçi, kümüş ussasy diýilýär.

Zergär ata-babalarymyz, esasan, özbaşdak, ýekelikde zähmet çekipdirler. Sebäbi zergärçilik hünäriniň tehnikasy, iş ýagdaýlarynda ýüze çykýan tilsim-tärleri işi ýekelikde alyp barmaga mümkinçilik beripdir. Olar bezeg zynatlaryny dürli usullardyr tärlerden peýdalanyp ýasapdyrlar. Çekiçläp süýmekden, guýmakdan, basmakdan, galyplamakdan, gyzyl we kümüş çaýmakdan, haşamlamakdan, işmekden, düzmekden, eretmekden, sünnälemekden, rejelemekden, kebşirlemekden, seplemekden ybarat bolan zähmeti zergär ussalar giňden peýdalanypdyrlar. Bu usullaryň köp sanly bolşy ýaly, olaryň çeper aýratynlyklary, köp meňzeşlikleri we tapawutlyklary hem bardyr.

Salyhberdi ARNAJUMAÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.
Beýleki habarlar