Halkara forum geçirildi

2 Aprel 2021
1526

Ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramagynda halkara forum geçirildi. «Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri» atly onlaýn görnüşinde geçirilen halkara forum umumy mejlisden we «Orta asyrlar döwrüniň medeniýetiniň, ylmynyň, edebiýatynyň hem-de sungatynyň adamzadyň ruhy-medeni ösüşine ýetiren täsiri», «Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk we ynanyşmak taglymatynyň halkara gatnaşyklaryndaky orny», «Muhammet Baýram han Türkmeniň edebi mirasy we milli terbiýäniň kökleri», «Türkmen we hindi halklarynyň medeni-taryhy gatnaşyklary: çuňňur kökler we häzirki zaman mümkinçilikleri» atly bölümlerden ybarat boldy.

Halkara forumyň 3-nji — «Muhammet Baýram han Türkmeniň edebi mirasy we milli terbiýäniň kökleri» atly bölümi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirildi. Oňa türkmenistanly alymlar bilen birlikde, onlaýn arkaly Russiýa Federasiýasyndan, Gazagystan, Belarus we Azerbaýjan Respublikalaryndan alymlar gatnaşdy.

Mähri GAÝYPOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika kafedrasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar