Türkmen edebiýatynda Baýram han Türkmeniň şygyrlary uly orun tutýar. Bu hakda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda taryhy waka öwrülen «Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri» atly halkara maslahatda çykyş edenler hem giňden durup geçdiler. Golaýda onlaýn usulda geçirilen bu tutumly maslahat Baýram han Türkmeniň döredijiligini öwrenmekde täze sahypalary açdy.
Baýram han Garagoýunly türkmen döwletini (1410 — 1468-nji ýyllar) esaslandyran taýpalar birleşigine degişli baharly taýpasyndan gelip çykan meşhur şahsdyr.