Küştdepdi — dünýä genji

1 Aprel 2021
1702

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde ýurdumyzda medeniýet ulgamy ägirt uly ösüşlere, özgerişliklere eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň “Medeniýet halkyň kalbydyr” diýip belleýşi ýaly, türkmeniň ýüregini, ata-babalarymyzdan gelýän gymmatlyklarymyzy dünýä açyp görkezmeklige-de giň ýol açyldy. Dünýäniň çar künjeginde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi munuň guwandyryjy mysalydyr. Şol gatnaşyklaryň netijesinde folklor sungatymyzyň dünýä ýüzünde seýran etmegi bolsa asyrlaryň dowamynda toplanyp, dilden-dile, kalpdan-kalba geçip gelen gymmatlyklarymyza täze ömür bagyş edýär. 2015-nji ýylda “Görogly” şadessanymyzyň, 2017-nji ýylyň ahyrynda küştdepdi milli sungatymyzyň, onuň yzysüre bolsa türkmen halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi dünýä ýüzünde-de oňa hormatyň artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Zemine bahar paslynyň gözellik eçilýän günlerinde ýurdumyz baýramçylyk lybasyna beslenýär. Süňňi millilige eýlenen ol baýramçylyklaryň hiç birini-de folklor toparlarynyň çykyşlaryndan üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Sebäbi folklor toparlarynyň çykyşlary — halkymyzyň geçen durmuş we taryhy ýoly barada sungatyň dili bilen gürrüň berýär. Ol çykyşlarda pederlerimiziň, ene-mamalarymyzyň ýürek sesi, arzuw-umytlarynyň hasyl bolan keşbi bar. Küştdepdi milli sungatymyzyň dünýä gymmatlygy hökmünde ykrar edilmeginiň aňyrsynda-da — halkyň ýüreginiň asyrlaryň dowamyndaky sesiniň bardygy dogrusyndaky mukaddes hakykat bar.

Merdan NURBERDIÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.
Beýleki habarlar