Milli ýörelgeleriň beýany

1 Aprel 2021
1393

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, kämil terbiýeli bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýlelikde, Watanyň ertirki gününiň eýeleri boljak ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek işi döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Bilim ulgamyndaky, nesil terbiýesindäki özgertmeler — bilim işgärleriniň has-da höwesli işlemeklerine, bilim-terbiýe bermegiň ähli taraplaryny has içgin öwrenmeklerine itergi berýär. Bu jogapkärli işimizde Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden çykan eserleri bahasyna ýetip bolmajak gollanma bolup hyzmat edýär. Aýratyn-da milli Liderimiziň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» ýaly ajaýyp eserleri biz üçin nusgalyk kitaba öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň atasy, Berdimuhamet Annaýewiň durmuş hem zähmet ýoly hakynda gürrüň berýän kitaplary işimizde ýol görkeziji bolup durýar.

Bizi guwandyrýan zat hormatly Prezidentimiziň döwet galamyndan çykan eserleriniň islendiginiň nesil terbiýesi bilen baglydygydyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitaby hem halkymyzyň köp asyrlyk ýaşaýyş-durmuş tejribesiniň iň kämil taraplarynyň gysgadan sada, düşnükli dilde okyjylara ýetirilmegidir. Kitabyň aýry-aýry parçalary hakynda köňül kelamyny aýtmazdan öňürti, Gahryman Arkadagymyzyň: «Bütin ömrüme men özümi atama deňedim hem-de hemme mesele babatda oňa meňzemäge çalyşdym» diýen sözlerini ýatlasym gelýär.

Maral KASYMOWA,
Kaka etrabyndaky 8-nji çagalar bagynyň müdiri.
Beýleki habarlar