Göreçleriň söhbedi

31 Mart 2021
1167

Ýyllar soňra ýol üstünde saý-sebäpden sataşdyk. Görer göze adatydy görnüşiň. Birmahalky mähribanlykdandyr-da. Has oraşan duýlup dur ahwalyň. Eginleriň gysylypdyr. Göreçleň-de ýok öňki öwüşgin. Heniz doly aňlamadym sebäbin. Durmuş deňziniň tolkunlary zyňdymy del kenara?! Ýa-da orta ýola ýetip, ýitirdiňmi küregiň?! Ýa bolmasa, ýüzüp bilmän, gark bolmakdan haýykýarmy ýüregiň?! Garaz, halyň teňdigini habar berdi dideleriň. Olar, han-ha, maňa bakyp şindilerem gözleýär bir mähribanlyk. Söýgi çeşmäm takyrapdyr, gandyrmaz ol teşneligiň. Ýüregiňem ýoly ýapyk, mäkämlenen kilt bilen...

Ädimlerimiz aralygy tiz-tizden kesişdirdi. Ahyrsoňy, olar biziň ýolumyzy tapyşdyrdy. Nazarymyz bir-birine dikildi. Ýöne welin, bu bakyşyň... jadyly däl öňki ýaly. Ýylanmady didaryňdan, ýüregiňem şol bir bolşy. Sende welin, başga bir hal ot gorsadýar gursagyňda. Oýtumyna çöken gözleň bu ahwalyň aýan edýär. Diliň halym sorap durka, gözleň söýgä elin serýär. Dilegiňe düşünen gözlem senden şeýle sowal edýär:

Aýsenem GURBANOWA,
«Watan».
Beýleki habarlar