Her bir adamyň kalbynda, içki dünýäsinde ynam, ynanç ýaşaýar. Şol ynançlar tebigatda, durmuşda ýüze çykýan ýagdaýlary ýerlikli berjaý etmek maksady bilen ýerine ýetirilýän yrymlarda jemlenýär. Yrym — haýsydyr bir zada, adatdan daşary ýüze çykýan haýsydyr bir güýje, öňden bäri berjaý edilip gelinýän ýörelgä ynanmakdyr. Durmuşda islendik yrymy haýsydyr bir zat bilen baglanyşykly ýerine ýetirmek, niýet edilýän işiň bolmalysy ýaly, jaýdar ýerine düşdügi hasaplanylýar. Meselem, ýyldyzlar bilen baglanyşykly yrymlarda sähetli gün ýola düşmek, sähetli gün toý tutmak, sähetli gün täze jaýa göçmek... islendik maşgalada doly berjaý edilýär. Ýokarda aýdylanlardan ugur alsak, milli mirasymyz bolan «Görogly» şadessanynda halkymyzyň irki döwürlerde hem ençeme yrymlary berjaý edendiklerine gabat gelmek bolýar.
Şadessanyň «Bezirgen» şahasynda Aýsoltan agasy Bezirgene söwda üçin bisähet gün ýola düşmekligi maslahat bermeýär, onuň sähetli gün ugramagyny yrym edýär, ýa bolmasa, şadessan şol döwürlerde hem toý tutmak üçin sähetli güni saýlap alypdyrlar: «Şunlukda, Görogly Serwijan bilen Miremiň toý-sähedini belläp, ýedi gije-gündiz toý berdi, at çapdyryp, altyn gabak atdyrdy, Çandybiliň pakyr-pukaralaryna engamlar berdi».