Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ajaýyp bedewlerimize uly söýgi bilen garaýşy, olara dynç alýan wagtynyň pursatlaryny bagyşlap, öz edebi eserlerinde beýan edişi hemmämize mälimdir, munuň özi ahalteke bedewlerimiziň şöhratyny has-da belende galdyrýar.
Meşhur ata-babalarynyň şöhratly ýoluny dowam etjek Aşgabat atly taýyň dünýä inmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy «Ak şäherim Aşgabat» atly goşgyny ýazmaga ruhlandyrdy.