Halkyň arasynda milli mirasymyzyň gadymy nusgalaryny tapmak we toplamak bilen birlikde ýaşlara şöhratly geçmişimiziň, maddy we ruhy baýlyklarymyzyň ähmiýetini öwretmekde asylly işleri alyp barýan Dänew etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň mugallymy Durhan Öräýewa barada öňem köp eşidipdim. Ol indi 44 ýyla golaý wagtdan bäri ýaşlara şöhratly taryhymyzy öwretmek bilen birlikde halkyň arasyndan iş we zähmet gurallarynyň, gap-çanaklaryň, dürli esbaplaryň, şaý-sepleriň has irki, gadymy nusgalaryny toplamakda zähmetini gaýgyrmaýar. Onuň işjanlylygy bilen häzirki wagtda mekdebiň taryhy mirashanasyndaky tapyndylaryň sany yzygiderli artýar. Bu barada halypa mugallym şeýle gürrüň berýär:
― Mekdebimizdäki taryhy mirashananyň döredilmeginde taryh mugallymlary Wenera Jumaýewa, Öre Kurbanow, Narkuly Allakulyýew, Narsoltan Jorakulyýewa dagynyň tagallalary uly. Olar etrabymyzyň Göýnük obasynyň taryhyny has içgin öwrenmek we ony ýaşlaryň arasynda giňden ýaýmak maksady bilen 1979-njy ýylda bu asylly işiň başyny başladylar. Obanyň ýaşaýjylary hem bu işe agzybirlik bilen goşuldylar. Şeýlelikde mekdep muzeýine halkymyzyň gadymy taryhynyň beýany bolan dürli esbaplaryň, iş gurallarynyň gadymy nusgalary toplanylyp başlandy. Hormatly Prezidentimiziň her bir obanyň geçmiş ýazuw taryhyny öwrenmek, mekdepleriň ýanynda obanyň taryhy bilen bagly muzeýleri döretmek, oba hakynda we onuň ýaşaýjylary barada maglumatlary toplamak boýunça beren tabşyryklaryndan ugur alyp, bu işe ünsi has hem güýçlendirdik. Netijede ilatyň kömegi bilen muzeýimizdäki taryhy-medeni tapyndylaryň sany has hem artyp başlady. Häzirki wagtda olaryň sany iki ýüzdenem geçdi. Biz gadymy tapyndylary toplamak, ýerleşdirmek bilen birlikde olaryň hasabatyny ýöretmek, ähmiýetini öwrenmek we gorap saklamak ugrunda maksatnamalaýyn esasda işleri ýola goýýarys. Şeýle hem geçýän synpdan daşary we ülkäni öwreniş sapaklarymyzda okuwçylara muzeýdäki tapyndylaryň taryhy, irki döwürlerde ulanylyşy barada gürrüň berýäris.