Şahyrlaryň döredijiliginde baharyň waspy

23 Mart 2021
2181

Eziz Diýarymyz gözelligi, daglary, düzleri, jana şypa beriji, özüne maýyl ediji tebigaty bilen tapawutlanýar. “Pasyllaryň soltany” hasaplanýan bahar paslynyň üýtgeşik bir gözelligini taryplamaga söz gerek. Türkmen ýazyjy-şahyrlarymyzdan tebigatymyzy, onuň jana tenekar howasyny, bahar paslyny wasp etmedik, megerem, ýokdur. Islendik şahyryň döredijiliginiň özenini bezeýän zat onuň Watanyna, il-gününe, topragyna, her damja suwuna, howasyna bolan söýgüsiniň esasynda döreden şygyrlarydyr. Biz hem tebigatymyzyň gözelligini, baharyň mylaýymlygyny wasp eden zehinli şahyrlarymyzyň birnäçesiniň nowjuwan bahar paslyna bagyşlap ýazan şygyrlary dogrusynda makalamyzda gürrüň etmegi makul bildik.

Nusgawy edebiýatymyzda “Baharyň şahyry”, “Bahar waspçysy”, “Mugallym şahyr” ady bilen tanalýan söz ussadymyz Halyl Kulyýewdir. Näme üçin şahyr “Gyzym bolsa, Bahar dakjak adyna” diýdikä?!

Bägül BAÝGELDIÝEWA,
“Mugallymlar gazeti”.
Beýleki habarlar