Nowruz nagmalary

22 Mart 2021
1554

Golaýda Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň, Büzmeýin etrap medeniýet öýüniň, Bagyr, Gökje medeniýet öýleriniň bilelikde guramagynda Bagyr medeniýet öýünde «Nowruz geldi ülkäme» ady bilen geçirilen aýdym-sazly dabara täsirli boldy. Dabara medeniýet işgärleri, halypa bagşy-sazandalar gatnaşdylar. Mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen amala aşyrylýan beýik işler, däp-dessurlarymyzyň kämilleşdirilişi, Halkara Nowruz güni bilen bagly edilen täsirli çykyşlar bu ýere gatnaşyjylarda uly ruhubelentlik döretdi.

Häzirki wagtda milli medeniýetimizi ösdürmek, medeni mirasymyzy öwrenmek we asylly däpleri ýaş nesliň aňyna siňdirmek babatda giň gerimli işler üstünlikli alnyp barylýar. Milli bahar baýramyny mähriban halkymyz uly şatlyk-şowhun bilen garşylady. Bahar paslynyň gelmegi bilen Diýarymyzda toýlar toýa ulaşýar. Türkmen topragy, sähralyklar, şäherlerimizdir obalarymyz, dag-düzler ýaşyl begrese bürenip, köňülleri joşdurýar.

Dursun HOJATOWA,
«Aşgabat».
Beýleki habarlar