Nepisligiň nusgasy

19 Mart 2021
1634

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda her günümiz toý-baýramlara, şanly senelere beslenip, milli gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy dünýä ýaýmaga, olary nesilden-nesle geçirmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Şolaryň hatarynda halyçylyk sungatyny kämilleşdirmekde alnyp barylýan işler bellenilmäge mynasypdyr. Halylarymyzda halkymyzyň däp-dessurlary, dünýägaraýşy, gelin-gyzlarymyzyň päk arzuwlary jemlenýär. Ajaýyplygyň we kämilligiň nusgasy bolan halyçylyk sungatynyň gadymy görnüşlerini gorap saklamakda, nesillerimize ýetirmekde döredilýän şertler buýsanjymyzy artdyrýar. Watanymyzda çuň mazmun bilen baýlaşyp, öýlerimize hem-de toýlarymyza bezeg berýän halynyň gölleri halkyň baý taryhy-medeni mirasynyň çeper beýany bolmak bilen, ýurdumyzyň Döwlet baýdagyny bezeýär.

Hormatly Prezidentimiziň «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly ajaýyp kitaplarynda halyçylyk sungaty barada gyzykly gürrüňler, rowaýatlar beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyz «Arşyň nepisligi» atly kitabynda: «Türkmen tebigatyna düşünmezden, halkymyzyň baý ruhuny okamak mümkin däl. Türkmen zenanlary halyda türkmen tebigatynyň keşbini ussat nakgaş, söze çeper ussat bolup suratlandyrýarlar» diýip belleýär. Hawa, eli çeper zenanlarymyzyň dokan haly we haly önümlerini synlanyňda, bu sungatyň barha kämilleşýändigine, halyçylaryň oňa bar gujur-gaýratyny, söýgi-mährini, yhlasyny, zehinini hem-de zähmetini siňdirýändiklerine göz ýetirmek bolýar.

Haltäç ILAMANOWA,
Türkmenbaşy etrabyndaky 4-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.
Beýleki habarlar