Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda

19 Mart 2021
2806

Hormatly Prezidentimiziň parasatly hem-de öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda toýlarymyzyň toýlara, baýramlarymyzyň baýramlara ulaşmagy asuda, parahat durmuşyň hözirini görüp, guwanyp ýaşaýan halkymyzyň bagtyýarlygyndan nyşandyr. Gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýan milli medeniýetimiz häzirki döwürde täze röwşe eýe bolýar. Agzybir halkymyz Milli bahar baýramy bolan Halkara Nowruz gününi uly dabaralar bilen giňden belläp geçýär.

Milli bahar baýramy halkymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan baýramlaryň biridir. Ol ata-babalarymyzyň ruhy dünýäsinden kemala gelip, täzelenişiň müň bir öwüşginine beslenýär. Nowruz adamzadyň kalbyna ruhubelentligi, şatlyk-şowhuny we mähir-muhabbeti bagyş edýän baýram. Milli bahar baýramy halkymyzyň özboluşlylygyny, ajaýyp däp-dessurlaryny özünde jemleýär.

Leýli GURBANOWA,
«Nesil».
Beýleki habarlar