Ýazyň ilkinji güli

19 Mart 2021
2224

Derman hem bezeg ähmiýetli Nowruzgülüň dünýäde 500-den gowrak görnüşi bar. Güneşli Diýarymyzda onuň diňe bir görnüşi duş gelýär. Nowruzgül türkmen topragynda ýazyň buşlukçysy bolup, ilkinji gülleýän otjumak ösümlikdir. Hoşboý ysly owadan gül ynsan kalbyny heýjana getirýär.

Nowruzgül Nowruzgüller maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 15-30 santimetre ýetýän, köpýyllyk otjumak wekilidir. Ösümligiň düýbünden ýokarlygyna gül saklaýan baldak ösüp çykýar. Depesinde açyk sary gül getirýär. Ol mart, aprel aýlarynda gülleýär, gozajyk şekilli miwesi aprel-maý aýlarynda ýetişýär.

Süleýman KERIMOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar