Nowruz hem-de tebigatyň gözelligi

18 Mart 2021
1509

Nowruzda Günüň jana ýakymly şöhlesine tebigatda oýanyş, janlanyş peýda bolýar. Şu pursat ynsanyýetiň kalbynda-da, ruhunda-da ajaýyp bir ahwal peýda bolýar. Çünki bahar paslynyň täsin, jana tenekar howasy, guşlaryň hoş owazy ynsan ruhuna, häsiýetine ýakymly täsirini ýetirýär. Nowruz dost-doganlygyň, birek-birek bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygyň, beýik ynsanperwerligi, asuda hem rahat durmuşy alamatlandyrýan parahatçylygyň pederlerden galan gadymy baýramydyr.

Nowruz baýramy dünýäniň ençeme halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň hem kalbynda we hakydasynda köp asyrlar bäri ýaşap gelýän iň gadymy baýramlaryň biridir. Nowruz baýramy barada Abu-Reýhan Biruny “Geçen nesillerden galan ýadygärlikler”, Lutfi “Gül we Nowruz”, Omar Haýýam “Nowruznama” ýaly eserleri hem döredipdirler, Gündogaryň ençeme akyldarlary Nowruz hakynda köp ýazgylary galdyrypdyrlar. Bu gadymy edebi miraslarymyzda beýan edilişine görä, ata-babalarymyzyň amal eden şemsi ýyl hasaby boýunça birinji aý hasaplanypdyr. Ol bolsa, hut Nowruzdan — 21-nji martdan başlanypdyr. Diýmek, Nowruz gününden başlap ajaýyp tebigatdaky ähli barlykda — janly-jandarlarda we ösümliklerde oýanyş, täzeleniş ýüze çykýar. Mukaddes ene topragymyzda uklap ýatan kökler, pyntyklar Günüň mylaýym şöhlelerinden janlanýar.

Amangül NURYÝEWA,
Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän Ýöriteleşdirilen 74-nji “Bagtyýar nesiller” atly orta mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň ussat mugallymy.
Beýleki habarlar