Edep-terbiýäniň sazlaşygy

17 Mart 2021
1952

Ilkinji perzende ýüzi düşen enäniň bagty çagasyna bolan mähir-söýgüsi bilen sazlaşyp, maşgala agzybirliginiň pugtalanmagyna täsir edýär. Nowbaharda oglumyz Soltanjyk dünýä inen güni maşgalamyz üçin iň şatlykly gün bolupdy. Şol günden başlap, gaýynenem Zülfiýa Halymowa bäbege seretmek, sallançakda üwremek bilen baglanyşykly kän zatlary öwretdi. Obamyzda irki zamanlardan bäri çagany sallançaga salmak bilen baglanyşykly dessurlar häzire çenli dowam edýär. Gaýynenem çagany kyrk çilesinden çykýança sallançaga salmaly däldigini, entek etigmedik bäbegi rahat ýerde goraglap saklamalydygyny maslahat beripdi.

Kyrk günden soň, çarşenbe güni oguljygymyzy süýji arzuwlar bilen sallançaga saldyk. Şol gün pişme bişirip, goňşulara paýladyk. Bäbek gutlamaga gelenler: «Öýüňizde sallançagyň bady ýatmasyn!», «Sallançagyňyz hemişe bäbekli bolsun!» diýip, ýagşy dilegleri etdiler. Oglumyz ese-boýa galsa-da, ýene çaga dünýä insin diýen niýet bilen dulumyzdaky sallançagy ýygnamadyk.

Aýnura NARKULYÝEWA,
Farap etrabyndaky 7-nji «Akpamyk» çagalar bagynyň terbiýeçisi.
Beýleki habarlar