Agzy salamly — köňli kelamly

17 Mart 2021
2487

Il arasynda «Agzy salamly — köňli kelamly» diýen aýtgy ýörgünli. Halkymyzda salamlaşmaklyk edep-ekramlylygyň başy hasaplanylýar. Salamlaşmagyň dürli-dürli, ýagny baş atmak, elleşmek, egne kakmak, söz bilen salamlaşmak... ýaly görnüşleri bolup, olaryň hemmesi-de birek-birege hormat-sarpanyň beýany bolup şöhlelenýär. Şeýle-de, ozaldan gelýän ýol-ýörelgelerimize, däp-dessurlarymyza laýyklykda, kiçiniň ula, azlygyň köplüge, ýöräp barýanyň oturana, ulagly barýanyňam pyýada salam bermegi dogry hasaplanylýar.

«Çaga eziz, edebi ondanam eziz» diýýän halkymyzda her bir maşgalada çaga alty, ýedi aýlyk bolanyndan eýýäm «Hany, salam edeli» diýlip, onuň kiçijik ellerini gysyp, oňa salamlaşmaklyk edebi öwredilip başlanýar. Täze doglan çaganyň gulagyna azan aýdylyp, at goýlanda hem: «Essalawmaleýkim, seniň adyň pylanydyr» diýlip, üç gezek gaýtalanýar.

Nursoltan DEPBIÝEWA,
«Balkan».
Beýleki habarlar