Düýn paýtagtymyzda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmegi mynasybetli geçirilýän sergi hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahaty öz işine başlady. Häzirki wagtda bu düzüm özüne milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda işleýän hususy işewürleriň wekilleriniň onlarça müňüsini birleşdirýär.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary we deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.