«Taryp» sözüniň özgerişi

17 Mart 2021
1546

Türkmen dili öz taryhyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Milletimiz gadymy döwürlerden bäri dünýä halklary bilen dost-doganlyk, ykdysady, medeni gatnaşyklary saklap gelýär. Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşmegi türkmen halkynyň dünýä halklary bilen ykdysady we medeni gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrypdyr. Bu gatnaşyklaryň netijesinde halklaryň dilleri biri-birlerine özara täsirlerini ýetiripdir. Netijede, dünýä halklarynyň diline türkmen dilinden, türkmen diline bolsa beýleki halklaryň dilinden ençeme sözleri geçipdir.

Nusgawy edebiýatymyza degişli eserleri okanyňda, orta asyrlardan başlap arap, pars dillerinden türkmen diline geçen sözleriň köpdüginiň şaýady bolýarsyň. Dilçi alymlaryň aýtmaklaryna görä, arap dilinden biziň dilimize geçen sözleriň aglabasy atlara we sypatlara degişlidir. Arap dilinden türkmen diline geçen sözlere mysal edip, aşakdakylary görkezmek bolar: taryp, maksat, myrat, syýasat, ruh, maglumat, ylym, alym we ş.m.

Aýgözel JAPAROWA,
Balkanabat şäheriniň Uzboý etrapçasynyň 1-nji orta mekdebiniň okuwçysy.
Beýleki habarlar