“Yhlas bile bir kämile gol beren”

16 Mart 2021
2787

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şu setirlerini ýatlanymda, näme üçindir, ylym adamlary göz öňüme gelýär. Ine, belli alym, ylmy jemgyýetçilikde giňden tanalýan Aman Nigarow hakdaky makalany ýazyp başlanymda hem şu setirler bada-bat aňyma doldy. Alymyň işine hem zähmetsöýerlik, erjellik ilkinji şert bolup durýar.

Uzak ýyllaryň dowamynda «iňňe bilen guýy gazan ýaly» diýilýän ylmy gözlegleri alyp baran, I.A.Dubrowo bilen bilelikde «Türkmenistanyň gadymy pilleri», italýan alymlary F.Fanti, M.Kontessi hem-de P.Esenow dagy bilen bilelikde «Ýokary ýura döwrüniň dinozawrlary: Gündogar Türkmenistanda täze tapylan yzlar» atly kitaplaryň awtory Aman Nigarowyň çagalygy uruş ýyllaryna gabat gelýär. Ol 9 ýaşyndan işläp başlaýar. Uly ýaşly erkek kişileriň ählijesi urşa gidipdi. Esasy iş bolsa zenanlaryň, garrylaryň, çagalaryň gerdenine düşüpdi. Edil zähmetde bolşy ýaly, ol mekdepde okaýarka hem erjelligini görkezýär. Şonuň üçin bolsa gerek, 1949-njy ýylda Aşgabatdaky ýokary mugallymçylyk institutyna okuwa girýär. 1953-nji ýylda şu ýokary okuw mekdebiniň geologiýa-geografiýa fakultetiniň geografiýa hünärini tapawutlanan diplom bilen tamamlan Aman agany ylym barha özüne çekýär. Dag jynslaryny öwrenmek, olaryň haçan we nähili şertlerde emele gelendigini kesgitlemek ylmyň öňünde duran çözülmesi möhüm meseleleriň biridi. Şu ýerde hem ykbal Aman agany erjelligi, zähmetsöýerligi üçin ylmy gözlegleriň ummanyna ataryp goýberen ýaly duýgy döreýär. Eýýäm 2010-njy ýyla çenli ýurdumyzyň çäklerinde ýaýran çökündileri öwrenmekde uly üstünlikler gazanyldy. Bu ugurdan öz işine ezber hünärmenler hem ýetişdi.

Aýjemal OMAROWA.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ýuriý ŞKURIN.
Beýleki habarlar