Beýik bagtymyzyň ― mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyny zähmet sowgatlary bilen garşylamak Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky Himiýa zawodynda ýylyň başynda goýlan ilkinji we esasy maksat boldy. Galyberse-de, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň himiýa ulgamyny ösdürmek babatyndaky yzygiderli tagallalary bu kuwwatly kärhanada işleriň ilerlemegine, şeýlelikde, öňde goýlan maksada ýetilmegine ýardam berýär.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň wekilleri bilen şäherdäki önümçilik desgalaryna döredijilik saparymyzy hut şu kuwwatly kärhanadan başladyk. Aslynda, bu bisebäp däl. Owadan dünýämize bahar aralaşdy. Bahar dünýä özüne mahsus gözellikleri hem getirse getirýändir welin, birtopar iş-aladalar hem onuň synyndan ýapyşyp gelýär-de, hatarlanyberýär. Esasan hem oba hojalygynda iş ýetik. Eýsem, bu kuwwatly kärhanada hysyrdysy ýetik möwsümlere nähili taýýarlyk görülýär?