Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda örän jaýdar belleýşi ýaly, adamlaryň ruhy kämilligi halkyň taryhyny we sungatyny bilmekden başlanýar. Şoňa görä-de öz halkyňyň sazyny bilmek we ýürekden söýmek, onuň gelip çykyşyny öwrenmek möhümdir.
Dogrudan-da, asyrlaryň jümmüşinden gaýdyp, biziň günlerimize gelip ýeten aýdym-sazlar, goşgudyr gazallar milletiň ruhy-ahlak baýlygynyň bir bitewi bölegidir.