Mähribanlyk mekdebi

15 Mart 2021
1570

Durmuşyň gözbaşy, öý-ojagyň bezegi hasaplanylýan enelere hormat goýmakda, gelin-gyzlarymyzy mertebelemekde döwletimiz tarapyndan alnyp barylýan uly ähmiýetli işler zenanlaryň jemgyýetde tutýan ornuny has-da belende göterýär. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän eserleriniň her biri türkmeniň nesil terbiýesiniň milli köklerini, halkymyzyň şöhratly taryhyny açyp görkezýändigi üçin juda gymmatlydyr. Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» kitabynda hem ruhy gymmatlyklarymyz bolan «Gorkut ata», «Görogly» şadessanlaryndan, «Kowusnamadan» we beýleki edebi eserlerden alnan jaýdar mysallar, rowaýatlar enäniň nurana keşbini, janypkeşligini, mähribanlygyny bütin aýdyňlygy bilen ýüze çykarýar. Döwlet Baştutanymyz enäniň perzendiniň akylly-başly bolup ýetişmeginde uly orny eýeleýändigini, her bir adam üçin onuň ata-enesiniň iň ýakyn ynsandygy barada buýsançly söhbet edýär. Arkadag Prezidentimiz bu ajaýyp eserinde taryhymyzda yz galdyran Tumar şa, Altynjan hatyn, Güljemal han, Keýmir serdaryň gyzy Aýlar ýaly zenanlaryň merdanalygyny mysal getirýär, şeýle taryhy çeşmeleriň gözlenilip, ylmy taýdan giňden öwrenilmelidigini orta atýar. Hut şonuň üçin ene hakyndaky nusga alarlyk ýörelgeleri, pikirleri, oýlanmalary özünde jemleýän bu gyzyldan gymmatly eseri biz durmuşymyzda we işimizde görelde mekdebimiz hasaplaýarys. Kitapda giňişleýin beýanyny tapan gadymdan gelýän terbiýeçilik däp-dessurlarymyz esasynda öz perzentlerimize we talyp ýaşlarymyza edep-terbiýe berýäris.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygy bilen durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynda zenanlar, ýaş hem-de köp çagaly eneler baradaky alada ilkinji orunda goýlup, hemişe ileri tutulýar. Dünýä siwilizasiýasynyň gazananlarynyň taryhy-medeni mirasynda özboluşly paýy bolan türkmen zenanlary häzirki döwürde gülläp ösýän döwletimiziň demokratik we hukuk derejesini has-da berkitmäge işjeň gatnaşýarlar. Arkadag Prezidentimiziň ene mukaddesligine bagyşlanan ajaýyp eserinde türkmen zenanlarynyň mähriniň gudraty, söýgüsiniň synmaz güýji barada söz açmagy biziň kalbymyzda çäksiz buýsanç we guwanç duýgusyny döredýär.

Gülnar SOLTANOWA,
Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar