Medeniýetiň sarpalanýan zamanasy

12 Mart 2021
1598

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşymyzda wajyp orun eýeleýän milli medeniýetimiz we sungatymyz ösüşleriň hem-de kämillikleriň belentliklerini nazarlaýar. Bu ugurda edilýän aladalar halkymyzyň baý medeni mirasyny çuňňur öwrenmek, milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşjak ýaş zehinleri ýüze çykarmak, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak ýaly ugurlary öz içine alýar.

Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, ýurdumyzyň welaýatlarynda gurlan, ähli şert-mümkinçilikleri özünde jemleýän kitaphanalar, muzeýler, medeniýet öýleri, çeperçilik we sungat mekdepleri hem-de medeni maksatly binalardyr desgalar hormatly Prezidentimiziň medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmekde edýän tagallalarynyň ajaýyp miweleridir. Ýurdumyzda Medeniýet günleriniň, halkara festiwallarydyr döredijilik maslahatlarynyň geçirilmeginiň milli medeniýetimizi, sungatymyzy dünýä ýaýmakda, ony baýlaşdyrmakda, dünýä halklary bilen dost-doganlyk, ynsanperwer hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda hem-de ösdürmekde möhüm ähmiýeti bar. 

Annanyýaz TÄÇGELDIÝEWA,
Hazar şäheriniň çagalar sungat mekdebiniň direktory.
Beýleki habarlar