Ene mähri

11 Mart 2021
1858

Perzendi dünýä inen enede ylahy güýç emele gelýär. Hiç haçan egsilmeýän şol güýç irginsiz yhlas bilen sazlaşyp, enäniň ýürek arzuwlaryny beýan edýän mylaýym hüwdüleriň üsti bilen çaganyň süňňüne ornaýar. Şeýlelik bilen enäniň çagasyna hamraklygy ýaly, çagada-da enesine bolan hamraklyk döreýär. Iki ýüregiň deň urmagynda dünýä inen perzent gün sanap ösüp başlaýar. Daşyndan seredeniňde adaty ýagdaý bolup görünýän bu ene bilen balanyň arasyndaky arabaglanyşyk baradaky gyzykly, dürdäne pikirler Gahryman Arkadagymyzyň«Enä tagzym-mukaddeslige tagzym» atly kitabynda hem öz beýanyny tapýar. Döwlet Baştutanymyz bu ajaýyp kitabyny mährem käbesi Ogulabat ejä bagyşlamak bilen, onda ene kalbynyň gözelligi hakynda pikirler gozgalýar. Ynsan — gözelligiň aşygy, bu duýgy onuň gözüni açyp, göreninden –— dünýe gözellikleriniň iň beýigi bolan eziz eneň gözel görkünden gözbaş alýar.

Mähriban eneň seniň nury-didäň, durmuş ýolundaky öçmez çyragyň, görüm-göreldäň, ol seniň dünýädäki bar zadyň, onuň ornuny tutup biljek özge bir adam bolmaýar. Pygamberimizden: «Jennet nirede?» diýip soranlarynda, ol hiç pikirlenmezden: «Jennet — enäniň dabanynyň astynda» diýip, jogap beripdir. Eneler diňe bir perzentlerine däl, eýsem, Asman-Zemine-de öz mähirlerini siňdirip bilýärler. Ýer ýüzündäki ähli gudratlar enäniň dilegi, paýhasy bilen berjaý bolýar, sebäbi enäniň dilegi umman ýaly giň, daglar ýaly belent.

Ogulbäbek ÝÜZBAŞYÝEWA,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Ahal welaýat müdirliginiň maglumatlary seljeriş boýunça döwlet bellige alyjysy, 3-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar