Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Türkmenbaşy şäher birleşmesiniň şäheriň medeniýet bölümi bilen bilelikde halypa bagşylaryň we ýaş zehinleriň gatnaşmaklarynda geçiren «Halypa-şägirtlik ýörelgesi — kämilligiň mekdebi» atly çäresi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimize, sungatymyza, esasanam, bagşyçylyk sungatymyza goýulýan belent sarpanyň aýdyň nyşany boldy. Bagşyçylyk sungatynda kämillik ýoluny külterläp, bu sungatyň inçe tilsimlerini ele alan, ýaş zehinleriň hem bu ýolda ilerlemeginde hemaýatyny gaýgyrmaýan halypalardyr olaryň şägirtleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport toplumynda geçirilen duşuşygyň hormatly myhmanlary boldular.
Türkmenbaşy şäherinde ýaşaýan, aýdym-sazlary bilen adygan bagşylar çärede bagşyçylyk kesbi barada täsirli gürrüň edip, sowal-lara jogap berdiler. Olaryň ýerine ýetiren aýdym-sazlary bolsa çärä gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.