Sungata sarpanyň aýdyň beýany

10 Mart 2021
1497

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen halkymyzyň milli mirasyny gorap saklamak hem-de wagyz etmek işi döwlet derejesinde rowaçlanýar. Şunuň bilen baglanyşykly, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny ösdürmekde gazanylýan netijeler hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Soňky ýyllarda teatrlaryň, muzeýleriň we kitaphanalaryň döwrebap binalary gurulýar, internet serişdeleriniň, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagynyň netijesinde bilim ulgamy üçin täze ýokary tehnologiýaly düzümler döredilýär.

Geçen ýylyň noýabr aýynda geçirilen ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň birinji mejlisinde 2021 — 2023-nji ýyllar üçin bilelikdäki Hereketler Meýilnamasynyň hem-de Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň ýörite sanawyna türkmen däp-dessurlaryny girizmek boýunça ýurdumyzyň öňe sürýän täze teklipleriniň taslamalaryna garaldy. Şol däp-dessurlaryň hatarynda asyrlaryň dowamynda toplanan baý tejribe bolan üç täsin milli mekdep: ahalteke atşynaslygy, alabaý tohum itleriniň ösdürilip ýetişdirilişi hem-de türkmen medeniýetiniň naýbaşy nusgasy hökmünde dutar saz guralyny taýýarlamak we çalmak, şeýle hem, bagşyçylyk sungaty bar.

Aýjemal WEÝISOWA,
Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň Çagalar sungat mekdebiniň bagşy mugallymy, kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar