Hoş ýakýar hyýalyma senli oýlara berilmek. Olar wagta boýun däl. Geljegiň bagtly pursatlaryny yzyna tirkäp, mahal-mahal serime dolýarlar. Olaryň şirin dady meni ertire — şol süýji oý-hyýallaryň hakykatyň gujagyna doljak günlerine sabyrsyzlandyrýar. Serim senli oýlara berilmäge aşyk. Olar maňa seniň bilen bagly ähli zadyň lezzetlidigini ýamaşgandan ýatladýarlar.
Ynha, olaryň birinde sen tegelenipjik duran gaýma tahýaly, merdemsije egniňe haýbat berýän akja köýnekli, meniň yhlas bilen süpürip goýan kiçijek köwüşlerime ýetýän garaja jalbarly — naşyja keşpde birinji synpa okuwa barýaň. Synpyň iň öňdäki partasynda gözjagazlaryňy tegeläp, elleriňi biri-biriniň üstünde goýupjyk otyrsyň. Mekdep durmuşyna öwrenişişiňi synlamak, hemem kim bilýär, munça nätanyşlyklardan ýadyrgap, birden ýumruk ýalyjak ýürejigiň atygsap, synpdan daşyna dagy çykaýsaň, hoşamaýlyk bilen seni yzyňa dolamak üçin hälden bäri synp otagyň daşynda irikgä bolup durun. Özümem senden bäş beter tolgunýan, edil ýaňadan birinji synpa okuwa özüm gidýän ýaly.