Ertekiler dünýäsine syýahat

10 Mart 2021
1703

Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda «Garry möjek hakynda» atly spektaklyň gözden geçirilişi boldy

Adam haçan ertekilere, ondaky jadyly wakalara ynanmasyny bes edýärkä? Belki, bes edýän hem däldir. Ahmal, adam akyly goýaldygyça, her bir zatdan çuňňur many yzlap başlansoň, ertekilerdäki wakalara däl-de, olardaky durmuş tejribesine, paýhas zerrelerine üns berýändir. Şondan soň adamda ertekilerdäki wakalardan belli bir netije çykarmak endigi kemala gelip başlaýandyr. Emma çagalar ertekilerden netije çykarmaýarlar, olar oňa ynanýarlar. Belki, iň esasy zat hem şudur, ynamdyr.

Beýleki habarlar