Medeniýet milletimiziň mertebesidir

9 Mart 2021
1351

Gahryman Arkadagymyz: «Medeniýet halkymyzyň kalbydyr, milletimiziň mertebesidir» diýip, bellemek bilen, ruhy baýlygymyz bolan milli medeniýetimizi, şeýle-de sungatymyzy ösdürmäge, baý mirasymyzy gorap saklamaga hem-de wagyz etmäge gönükdirilen giň gerimli işleri alyp barýar. Eziz Diýarymyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň gününiň bellenilmeginiň ýola goýulmagy we oňa gabatlanyp Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi milli medeniýetimize berilýän ünsüň alamatydyr. Bu ugurdaky tagallalar medeniýet ulgamynda ajaýyp sepgitlere ýetmäge we uly üstünlikleriň gazanylmagyna şert döredýär, şeýle-de bu ulgama degişli edaralaryň işiniň rowaçlanmagyna giň amatlyklary açýar.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen, soňky sanlyja ýylyň içinde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde medeni ojaklaryň ençemesiniň döwrebap, kaşaň desgalarydyr binalary guruldy, bu ulgamyň işgärleriniň ýokary amatlyklarda döredijilikli zähmet çekmegine giň şertler döredildi. Munuň özi medeniýet-sungat işgärleriniň kalbyny has-da joşa getirýär, döredijilikli işlemäge hyjuw berýär. Häzirki wagtda Ahal welaýatynda hem döwrebap medeniýet köşkleridir merkezleriniň, medeniýet öýleriniň hereket edýändigi hem Gahryman Arkadagymyzyň bu ugra berýän üns-aladasynyň netijesidir.

Arslanmuhammet ÝAZMÄMMEDOW,
Ahal welaýat Medeniýet müdirliginiň başlygy.
Beýleki habarlar