Miras — halkyň ruhy baýlygy, genji-hazynasy, taryhy dünýäsi. Her bir halkyň özge milletiňkä meňzemeýän medeni mirasy ony tapawutlandyrýan özboluşly aýratynlykdyr.
Türkmeniň gadymy däp-dessurlaryndan, edim-gylymlaryndan, ýol-ýörelgelerinden gözbaş alýan milli mirasymyz halkymyzyň iň gymmatly, bahasyz baýlygydyr. Halkymyzyň baý mirasynda zähmete, zehine sarpa goýan, geljegine umytly garan türkmen zenanlarynyň owadan, ruhy dünýäsinden gelip çykan el işleriniň aýratyn orny bar. Sadadan agras, göwnaçyk, pespäl häsiýetleri bilen birlikde, türkmeni türkmen edýän, milletleriň arasynda onuň milliligini tapawutlandyrýan zat biziň owadan lybaslarymyzdyr. Gadymdan gelýän biçüwi-de, reňki-de, nagyşlarynyň salnyşy-da belli bir maksada gönükdirilip ýerine ýetirilýändigi bilen tapawutlanýan milli lybaslarymyzyň her biri aýratyn bir sungat eseridir. Milli aýratynlyklarymyzyň esasy görnüşleri bolan gyrmyzy donlarymyz, çäkmenlerimiz, dürli nagyşlar bilen bezelip tikilýän çabytlarymyz, kürtelerimiz, düýpli gyňaçlarymyz... — türkmeniň hüý-häsiýeti bilen sazlaşyp gidýän bu nepis işler türkmen zenanlarynyň on barmagynyň gudraty bilen dörän, ene-mamalarymyzyň ruhy siňen milli mirasymyzdyr.