Berkarar Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda köpugurly özgertmeleriň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagynyň netijesinde belent sepgitlere ýetilip, uly ösüşler gazanylýar. Beýleki ugurlar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda hem sanlyja ýylyň içinde ägirt uly işler üstünlikli amala aşyryldy. Taryh üçin örän gysga döwürde senagat kuwwatlyklarynyň, önümçiligiň ýokarlandyrylmagynyň netijesinde ykdysady ösüşiň ýokary görkezijileri gazanylyp, ýurdumyzda ýaşaýyş-durmuş üpjünçilik binýady hem has pugtalandyryldy.
Bitirilýän beýik işleriň hatarynda Gyýanlydaky polietilen we polipropilen öndürýän hem-de Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän Owadandepedäki gazdan ýokary hilli benzin öndürýän senagat düzümlerini mysal getirmek bolar. Bu senagat düzümleri önüm bolçulygynyň gazanylmagyny üpjün etmek bilen, halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine hem oňyn täsirini ýetirdi. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda şu ýylyň 15-nji ýanwarynda Çärjew etrabynyň «Malaý» gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň açylmagy hem bu ugurdaky işleriň öňe ilerlemeginde möhüm ähmiýete eýedir. Garagum sährasynyň Lebap welaýatyna degişli çäginde ýerleşýän «Malaý» ýatagyndan indi köp ýyllardan, ýagny 1986-njy ýyldan bäri tebigy gaz çykarylyp gelinýär. Bu toplum ýurdumyzyň diňe bir gündogar welaýatynyň ilatly ýerlerini, şeýle hem dürli maksatly desgalary «mawy ýangyç» bilen üpjün etmän, eýsem, asyrymyzyň iri taslamasy bolan Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý transmilli gaz geçirijisine hem harytlyk önüm berýär. Bu halkara energiýa magistraly bilen «Malaý» känini uzynlygy 188 kilometr bolan Malaý — Bagtyýarlyk gaz geçirijisi birleşdirýär. Iri halkara gaz geçirijileriniň gurluşygynyň ýokary depginlerde alnyp barylmagy, tebigy gazy gaýtadan işleýän täze iri önümçilik kärhanalarynyň döredilmegi, gazhimiýa senagatynyň ösdürilmegi bu ugurda uly üstünlikleriň gazanylmagyny, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlandyrylmagyny şertlendirýär.