Okuw-tejribe işleri döwrebap guralýar

4 Mart 2021
1355

Institutymyz ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda zähmet çekjek ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýar. Ýaşlara döwrüň talabyna laýyk, häzirki zaman derejesinde ylym-bilim bermek, hünär öwretmek üçin ähli zerur şertler döredilendir. Institutyň okuw otaglary, tejribehanalary dünýä ülňülerine laýyk gelýän derejede okuw-görkezme esbaplary hem-de ekerançylyk, agroekologiýa, weterinariýa, gidromeliorasiýa, oba hojalygyny mehanizmleşdirmek ugurlaryna, şeýle-de himiýa, fizika, kompýuter tehnologiýasy derslerine degişli döwrebap enjamlar bilen üpjün edildi. Institutda ýöriteleşdirilen multimedia we internet otaglary, kompýuter merkezi döredilendir.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýokary okuw mekdebimizde ýurdumyzda ilkinji gezek agroekologiýa ugry boýunça ýokary bilimli hünärmenler taýýarlanýar. Ýurdumyzda oba hojalygynda zähmet çekýän ekolog hünärmenleriň taýýarlanmagy oba hojalygyny ekologiýalaşdyrmakda uly ähmiýete eýedir. Bu bolsa, ekologik taýdan arassa oba hojalyk önümlerini öndürmäge has-da ýardam eder.

Aýbek TAJYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar