Köňülleri nurlandyrýan eser

4 Mart 2021
1427

Şu makalamyzda Gündogar edebiýatynyň görnükli wekili Abdyrahman Jamynyň «Baharystan» atly eseriniň käbir «baglary» hakynda gürrüň etmekçi. Jamy bu eserini Zyýaeddin Ýusuba bagyşlap, onuň «ýürek duýgularyny oýarmak» we «kalbyna howp salýan kynçylyklardan goramak» üçin ýazandygyny mälim edýär. Şeýle-de akyldaryň «Baharystany» ýazmagyna Sagdy Şirazynyň «Gülüstan» atly eseriniň ruhlandyrandygyny hem aýdyp geçýär. Jamy «Baharystanyň» rowaç almagyny Allatagaladan diläp, eseriň sekiz «bagdan» ybaratdygy hakynda maglumat berýär. Söz ussady okyjysyna: «Şu tikeneklikden boş baga tomaşa edýänlere haýyş: Haçan-da şu baglara gadam goýanlarynda we ygtybar nazary bilen baga seredenlerinde bagy ösdürip ýetişdiren we ony ýetişdirmek üçin gije-gündiz jan eden, jiger-bagryny gan eden bagbany doga-dilegler bilen ýatlasynlar we taryp bilen ony şat etsinler» diýip ýüzlenýär.

Eseriň “Baharystan” diýlip atlandyrylmagy ýylyň bahar-ýaz paslyny aňlatman, göçme manyda ulanylypdyr. Onuň şeýledigine esere çuňňur aralaşanyňda birkemsiz göz ýetirip bolýar. Esasan-da Abdyrahman Jamy ynsan gylyk-häsiýetlerini, ahlak-etiki gymmatlyklary çeper beýan etmek arkaly adamyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagyny, onuň kalbynyň kir-kimirden saplanyp, bahar gülleri dek açylmagyny, ýazyň howasy dek tämizlenmegini isläpdir. Şeýlelikde, ol adama mahsus iň gözel ynsanperwer gymmatlyklary çeper mahabatlandyryp, öz eseriniň adyna “Baharystan” goýupdyr.

Dursunjemal BABALYÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar