1-nji martda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda paýtagtymyzy hem-de welaýatlarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmek meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna hem-de şanly senelere taýýarlyk görlüşine garaldy.
Milli Liderimiz gün tertibindäki meselelere geçip, Aşgabat şäheriniň häkimini hem-de gurluşyk we senagat toplumlaryna gözegçilik edýän wise-premýeri göni aragatnaşyga çagyrdy. Olar ýurdumyzyň baş şäheriniň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryna laýyklykda alnyp barylýan işler, Aşgabadyň binagärlik keşbini gözelleşdirmäge gönükdirilip, bina edilýän iri, täze desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler.