Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynda, ýurdumyzy ykdysady, durmuş hem-de medeni taýdan ösdürmek ugrunda il bähbitli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz döwlet Baştutany wezipesine girişen ilkinji günlerinden häzirki zaman türkmen jemgyýetini dünýä ösüşleriniň belentliklerine galdyrmak maksady bilen, durmuşyň ähli ugurlarynda düýpli özgertmelere badalga berdi. Taryh üçin gysga döwürde ösüşiň belentliklerine tarap ynamly öňe barýan berkarar Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi, halkara abraýynyň has-da belende galmagy üçin döwletli işler durmuşa geçirildi. Ähli ugurlar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň kanunçykaryjylyk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär.
Mälim bolşy ýaly, 25-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Ruhyýet köşgünde ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen duşuşdy. Onda milli parlamentiň öňünde durýan wezipeler anyklaşdyryldy. Duşuşygyň dowamynda milli kanunçylygyň birnäçe ugurlary boýunça hukuk kadalaryny kämilleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de olara degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek barada tabşyryklar berildi. Munuň özi ýurdumyzyň kanunçylyk binýadynyň barha pugtalanýandygyny, bu ugurdaky işleriň geljekde hem mynasyp dowam etdiriljekdigini görkezýär. Şeýle hem duşuşygyň dowamynda milli Liderimiz «Döredijilik birleşikleri hakynda», «Ýerli öz-özüňi dolandyryş hakynda» we «Energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny işläp taýýarlamagy tabşyrdy. Göz öňünde tutulan bu özgertmeler, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini pugtalandyrmaga gönükdirilendir.