Baglar Zeminiň zynaty

3 Mart 2021
1655

Gözel paýtagtymyzda amala aşyrylýan beýik işler, adamlaryň ýaşaýşy üçin aňrybaş şertleriň döredilmegi, kemala getirilýän inženerçilik-aragatnaşyk ulgamy, batly depginlerde gurulýan binalaryň gurluşygy bilen bir hatarda, hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen döredilýän gözel seýilgähler, gök zolaklar, gür tokaýlar, umuman tebigatyň täsin dünýäsi biziň her birimizi döredijilikli zähmete ruhlandyrýar. Ýaşaýjylaryň we myhmanlaryň bagtyýar durmuşy, göwnejaý dynç almagy üçin ýakymly howasy we oňyn şertleri bolan paýtagtymyz ýylyň ähli paslynda gök öwüsýän tokaý zolaklary bilen has meşhurdyr. Berkarar Diýarymyzda her ýylyň güýz hem bahar pasyllarynda hormatly Arkadagymyzyň gatnaşmagynda ähli sebitlerimizde bolşy ýaly, paýtagtymyzda hem müňlerçe pürli bag nahallary oturdylýar.

Paýtagtymyzda her bir taslama işlenip taýýarlanylanda, durmuşa geçirilende ylmy-tehniki ösüşiň täze gazananlaryndan ugur almagy talap edýän döwlet Baştutanymyz ak şäherimizi gür baglyga büremek, ähli köçeleriň ugurlaryny al-elwan güllere, dürli pürli agaçlara beslemek barada yzygiderli alada edýär. Tokaýlaryň meýdanynyň artmagy agaç, miwe, ir-iýmiş ýaly dermanlyk çig malyny ýygnamagyň, guş-gumrularyň iýmitlenmeginiň goşmaça çeşmesi bolup hyzmat etmek bilen bir hatarda, howanyň tämizligini hem üpjün edýär. Tokaýlaşdyrylan ýerlerde ilatyň arassaçylyk ýagdaýy, ýaşaýyş şertleri düýpli gowulanýar, adamlaryň saglygyny berkitmäge, ruhuny galkyndyrmaga, şeýle hem dem alyş, gan aýlanyş we iýmit siňdiriş ýollarynyň kesellemeginiň derejesiniň peselmegine oňyn täsirini ýetirýär. Tokaýlaryň ýurdumyzyň ykdysady ösüşine, tebigy-ekologiki ýagdaýyna, esasan hem, Türkmenistanyň toprak we howa şertlerinde oba hojalyk önümçiliginde durnuklylygy üpjün etmekde, çölleşme hadysalarynyň öňüni almakda, şeýle hem ekoulgamlaryň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagynda ähmiýeti örän uludyr.

Ogulgerek BEGNIÝAZOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar