Täzeden gül açýar gözel tebigat

1 Mart 2021
2440

Gyş gutaryp, baharyň gelmegi bilen tebigat janlanyp başlaýar, göýä durmuş gaýtadan başlanýan ýaly bolýar. Türkmen topragynda baharyň gelenini buşlaýan guşlaryň saýraşýan sesleri, ýazyň hoştap howasy, çagalaryň şat gülküleri ruhuňy göterýär, kalbyňy heýjana salýar. Daş-töwerek gül-gülzarlyga, beslenýär. Baýyrlar ýaşyl don geýnip, depe-düzlerde gyzyl güläleklerden misli haly ýazylan ýaly bolýar.

Her gülüň öz ysy bolşy ýaly, her paslyň hem öz gözelligi bar. Bahar paslynyň kalbyňy heýjana salýan gözelligi başgaça bolýar. Tebigatyň al-elwan güllere bürenmegi, çeşme-çaýlaryň şildiräp akýan sesi baglarda guşlaryň saýraýan sesi bilen sazlaşyp, her bir ynsana ruhy lezzet berýär. Her gezek tebigat läle-reýhana beslenip bahar pasly gelende şahyr Halyl Kulyýewiň:

Beýleki habarlar