Hünärine dünýe haýran

1 Mart 2021
2301

Megerem, nepislik, näziklik we gözellik barada söz açylanda, türkmen gelin-gyzlarynyň we olaryň on barmagynyň hünäriniň göz öňüne gelmegi ýöne ýerden däl bolsa gerek. Sebäbi eli çeper gelin-gyzlarymyzyň yhlasyny, paýhasyny jemläp döreden el işleri, owadan lybaslary, nepis halylary gymmaty egsilmeýän, sünnälenilen senet hökmünde asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçip gelýär. Şu gymmatly mirasyň kemala gelmeginde we syntgylanylyp häzirki günlerimize gelip ýetmeginde türkmen zenanlarynyň hyzmatynyň juda uludygyna hiç haçan synmajak taryhy we edebi nusgalar şaýatlyk edýär.

Häzirki günlerde gelin-gyzlaryň tahýasyna, köýneginiň ýakalaryna, kürte-çyrpylaryna, elbukjalaryna, erkek adamlar üçin niýetlenilen ezýaka köýnekleriniň ýakasyna we akgaýma tahýalaryna çekilen nepis keşdeler dünýäni haýrana goýýar. Keşde çekmek we haly dokamak gelin-gyzlaryň ýürek arzuwyndan, on barmagynyň täsin gudratyndan dörän inçe sungatdyr. Zenan maşgalalar öz el işlerine, nepis halylarynyň öwüşgini öçmejek göllerine gözel tebigatymyzyň ajaýyp keşbini, halkymyzyň şöhratly taryhyny hem-de çuň mana ýugrulan pähim-parasadyny siňdirýärler. Bu asylly ýörelgäni mynasyp derejede dowam etdirmek bolsa biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Şuňa görä biz çagalar we ýetginjekler döredijilik öýümize gatnaýan, el işlerine höwesjeň gyzlaryň ýaşlygyndan zähmet endikleriniň, ukyp-başarnyklarynyň artmagy ugrunda alada edýäris. Her bir el işiniň, keşdedir gölüň döreýiş taryhyny we aňladýan manysyny öwrenmekleri olaryň höwesini-de, ezberligini-de artdyrýar. Şonuň üçin biz her bir sapagymyzy hormatly Prezidentimiziň halyçylyk sungatyna bagyşlanylan «Arşyň nepisligi», «Janly rowaýat» atly gyzyldan gymmatly kitaplary, gelin-gyzlaryň milli el işleri baradaky halk döredijilik eserleri bilen baglanyşdyryp geçýäris. «El hümmeti bile, guş — ganaty», «Elimden çykan egnime ýarar», «Elinden gelen gül eýlär, elinden gelmedik ne eýlär?», «Hünär eýesini eziz eder», «Haly ýüwürdip, kilim kesme» ýaly nakyllaryň manysy barada özara pikir alyşýarys. «Halal zähmet — baky döwlet» diýlişi ýaly, okuwçy gyzlaryň el işlerine gümra bolmaklary olaryň hünärli bolup, rysgal-bereket tapmaklaryna we ykjamlyk, sabyr-kanagatlylyk ýaly gylyk-häsiýetleri özlerinde terbiýelemeklerine hem oňyn täsir edýär.

Aýgözel SAPARMEDOWA,
Çärjew etrabynyň çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň gurnak ýolbaşçysy.
Beýleki habarlar