Işjanly halypa

25 Fewral 2021
1416

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär we ösdürilýär. Ýurdumyzda ýaş nesle döwrebap bilim berýän, milli ýörelgeler esasynda, watansöýüjilik ruhunda terbiýeleýän mugallymlar köp. Şolaryň hatarynda Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň 50-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýat mugallymy, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi Tirkeş Toýlyýew hem bar.

Tirkeş Toýlyýew 1973-nji ýylda häzirki Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyny tamamlap, etrabyň 35-nji orta mekdebinde zähmet ýoluna başlady. Ol häzirki wagtda etrabyň 50-nji orta mekdebinde türkmen dili we edebiýat mugallymy bolup işleýär. Tirkeş mugallym özüne berkidilen türkmen dili we edebiýat otagyny döwrebap enjamlaşdyryp, sapaklarynda okatmagyň dürli usullaryny guraýar. Geçýän temalaryny görkezme esbaplardan, dürli tehniki serişdelerden peýdalanyp guraýar. Tirkeş Toýlyýew baý iş tejribesine daýanyp, okadýan okuwçylaryny ders bäsleşiklerine taýýarlap, olaryň baýrakly orunlara eýe bolmagyny gazanýar. Onuň ozalky okuwçysy Aýbibi Öwezmyradowa türkmen dili we edebiýat dersi boýunça geçirilen ders bäsleşiginiň welaýat tapgyrynda iki gezek birinji orna, döwlet tapgyrynda 3-nji orna Saparjemal Öwezowa “Taslama-döredijilik” bäsleşiginiň welaýat tapgyrynda birinji orna mynasyp boldy. 2020-nji ýylda mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Aýnur Şallakowa ders bäsleşiginiň welaýat tapgyrynda ikinji orna, döwlet tapgyrynda höweslendiriji baýraga mynasyp bolmagy başardy.

Arazgül BABAJYKOWA,
Daşoguz welaýat Baş bilim müdirliginiň ýanyndaky döwletumumybilim edaralarynyň mugallymlarynyň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň hünär derejesini ýokarlandyryş merkeziniň müdiri.
Beýleki habarlar