Ösüşlerimiziň ygtybarly esasy

24 Fewral 2021
1089

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bilim ulgamynda uly işler amala aşyrylýar. Ýaş nesil hakdaky alada mähriban Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän ähli özgertmeleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Gahryman Prezidentimiziň ýokary derejede sowatly, ruhy taýdan baý, berk bedenli ýaş nesli kemala getirmek boýunça geçirýän işleriniň, badalga beren özgertmeleriniň netijesinde Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ylym-bilim ulgamy täze ösüşleri başdan geçirýär. 

Milli Liderimiz ýurdumyzda alnyp barylýan ylym-bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň, ýaş nesliň belent ynsanperwerlik we watançylyk ruhunda terbiýelenmeginiň mugallymlaryň, terbiýeçileriň, umuman, bilim işgärleriniň başarnyklaryna, hünär ussatlyklaryna, öňdebaryjy iş tejribelerine baglydygyny yzygiderli nygtaýar. Başlangyç synplardan başlap, ähli synpda okaýan okuwçylara çuňňur hem döwrebap bilim bermek, milli ýörelgelerimiz esasynda edep-terbiýe öwretmek bilim işgärleriniň möhüm wezipesi bolup durýar. Şundan ugur almak bilen, sapaklarda, terbiýeçilik maksatly çärelerde dürli usullardan peýdalanýarys. 

Jeren BAÝLYÝEWA,
Balkanabat şäherindäki 1-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar