Sanly durmuşa gadam bu gün çäksiz mümkinçiliklere ýol açýar

24 Fewral 2021
1479

Ynsanlaryň täzeliklere çalt uýgunlaşmaklary olaryň tebigatyna mahsus. Şol sebäpli hem, «sanly» durmuşa geçmekde hiç hili müşgillik bolmady. Bu-da sanly ulgamyň eçilýän nygmatlarynyň ynsana berýän rahady bilen bagly bolsa gerek?! Hut sanly ulgamyň ornaşdyrylmagynyň hasabyna gündelik durmuşymyzda zerur bolan hyzmatlaryň islendigini hiç ýere barmazdan, menzil sökmezden, nobata durmazdan, oturan ýeriňde ýa-da gezip ýören çagyňda bitirmek mümkinçilikleri giňelýär.

Hormatly Prezidentimiziň tassyklan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda durmuşymyza sanly özgertmeleriň eýýäm ençemesi ornaşdy. Sanly durmuşa gadam goýanymyza köp ýyl geçmedigem bolsa, kän zatlar babatda gymmatly wagtymyz tygşytlandy. Şunuň bilen birlikde, maglumatlary alyşmagyň tizligi artdy, zähmet öndürijiligi ýokarlandy.

Nartäç MEŇLIMEDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar