Medeni mirasyň hazynasy

23 Fewral 2021
2217

Düýedarçylyk türkmen halkynyň däbe öwrülen medeni miras hasaplanýan maldarçylyk pudagynyň möhüm ugrudyr. Türkmeniň düýe malyna bolan yhlasy, söýgüsi çäksizdir. Halkymyz düýe malyna bolan yhlasyny, söýgüsini el senediniň, halk döredijiliginiň dürli görnüşleriniň üsti bilen hem beýan edýär.

Türkmen zenany edil öý-ojagyny bezeýşi ýaly, düýe malyny dürli esbaplar bilen bezemegi başarypdyr. Munuň şeýledigini biziň günlerimize gelip ýeten sungata öwrülen düýe esbaplary aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Şeýle täsin el senetleriniň biri-de düýehalykdyr. Düýehalyk ýörite taýýarlanan keçeden we şuňa meňzeş zatlardan ýasalyp, düýäniň arkasyna atylýar. Ol dürli şekiller bilen bezelipdir. Olarda türkmen sährasynyň ösümlik we haýwanat dünýäsi dürli reňkler bilen şekillendirilýär. Iň esasy şekil hem düýehalygyň orta gyrasyna nagyş hökmünde salnan üsti kejebeli düýe kerweniniň keşbidir. Onda halkyň toý baradaky arzuwlary beýan edilipdir.

Akjemal HOJAKOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Maldarçylyk we weterinariýa ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar