Bagym bar — barym bar

19 Fewral 2021
1738

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen her ýylyň ýaz we güýz pasyllarynda ýurdumyzyň ähli ýerinde dürli görnüşli saýaly, pürli we miweli baglary ekmeklik asylly däbe öwrüldi. Daş-töweregimizi gurşap alan gözellikleri görmäge göz gerek. Ähli janly-jandaryň dem alýan howasyny tämizläp durýan tebigatyň ösümlik dünýäsi — durmuşyň gözelligi hem gönezligi. Döwlet Baştutanymyz halkymyza hemişe bagdyr gül ekip, daş-töweregimizi gözelleşdirmäge, olaryň döredýän tämiz howasyndan dem alyp ýaşamagy,  howamyzyň hemişe arassalanyp durmagyny gazanmagy, boş wagtlaryňda Saglyk ýoluna çykmagy, säher bilen dagyň kalbyňy heýjana salýan tämiz howasyndan dem alyp, saglygyňy berkitmegi, bedenter-biýedir sport bilen yzygiderli meşgullanmagy sargyt edýär. Bu işde Gahryman Arkadagymyz nusgalyk görelde görkezýär. Milli Liderimiziň bag ekmäge badalga berýän ýerlerinde gür baglyk emele gelip, şol ýerler tokaýlyga öwrülýär. Adamlaryň elleri bilen döredilýän tokaýlyklar ýurdumyzyň çar künjegini gurşap alyp, ekologiýa ýagdaýyny has-da gowulandyrýar.

Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky maksatnamanyň durmuşa geçirilmeginiň düýp manysy halkymyzyň saglygyny goramakdan, ekologiýa abadançylygyny gazanmakdan ybaratdyr. Şonuň bu il bähbitli, döwlet ähmiýetli işe goşant goşmak biziň her birimiz üçin parzdyr.

Mahym ŞAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň pudaklar boýunça utgaşdyryjysy.
Beýleki habarlar