Ilatyň saçagyna — ter önümler

19 Fewral 2021
1496

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz ösüşlerden ösüşlere ýol salýar. Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzy döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barha rowaçlanýar. Ykdysadyýetimizi düýpli diwersifikasiýalaşdyrmak, önümçilige innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny çaltlandyrmak, ýerli çig malyň esasynda işleýän önümçilikleri köpeltmek ýaly ugurlaryň ösüşi döwrüň talaplary bilen sazlaşýar. Etrabymyzyň obasenagat düzümi has kämilleşdi, döwrebap önüm öndürýän kärhanalaryň hasabyna olaryň üsti ýetirilýär. Şolaryň birisi «Parahat» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän ýokary hilli guş etiniň 500 tonnasyny we 2,5 million sany ýumurtga öndürýän guşçulyk toplumydyr. Häzirki wagtda onuň önümleri tutuş welaýatymyzyň ilatyna ýetirilýär.

Häzirki wagtda etrabymyzyň çäginde hususy daýhan we ýyladyşhana hojalyklarynyň onlarçasynda gök, bag-bakja we beýleki azyklyk ekinleriň bol hasyly ýetişdirilýär. «Azatlyk», «Parahat», «Jeýhun», «Dostluk» daýhan birleşiklerinden telekeçilere bölünip berlen ekerançylyk ýerlerinde döredilen 60 tonnadan başlap 2000 tonna çenli önüm ýetişdirmäge niýetlenilen ýyladyşhanalar görenleri guwandyrýar. Olaryň pomidordyr hyýar ýaly önümleri ilatyň saçaklaryna gyşyn-ýazyn ýetirilip dur. Aýratyn-da, welaýat merkeziniň alkymynda ýerleşen «Dostluk» daýhan birleşiginiň çäginde ýyladyşhanalaryň uly toplumy döredildi. Olaryň arasynda «Altyn bürgüt» hususy kärhanasy hem bar. Kärhana degişli ýyladyşhana hojalygynyň önümleri daşary ýurtlara eksporta hem iberilýär. Şu ýerde döredilen «Tebigy ekin» daýhan hojalygy hem öz önümleri bilen il arasynda adykdy. 2020-nji ýylda daýhan hojalygynyň zähmetsöýer adamlary gök we bakja ekinlerinden 24 million 600 müň manatlyga barabar ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli ýokumly önümleri ýygnap, ilatyň saçagyna hödürlediler. Ekerançylyk ýerleriniň welaýat merkeziniň golaýyndan bölünip berilmegi hususyýetçiler üçin hem, ilat üçin hem örän amatly boldy. Önüm bolçulygyny döredýän hususyýetçileriň zähmet çekmekleri üçin döwletimiz tarapyndan zerur bolan goldawlar yzygiderli berilýär.

Orunaý BABAKULYÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Çärjew etrap birleşmesiniň hünärmeni.
Beýleki habarlar