Asudalygyň täji (çeper oýlanma)

19 Fewral 2021
1980

«Parahatlyk, ynanyşmak — ýörelge, Gahryman Arkadagymyz nusga, görelde!» atly bäsleşigine

Ýürek mähriňe deňelýän ene ýeriň üstünde bolup geçýän ajaýyplyklar göwnüňe ylham berýär, bagtyýar durmuşa bolan ynamyňy, buýsanjyňy heýjana salýar. Her ýylymyz bir şygara beslenýän eziz Diýarym! Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy dabaraly baýram edilip, şan-şöhrata beslenjek 2021-nji ýyly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen ada eýe boldy. Geçmişimize nazar aýlanymyzda, türkmen halkynyň ähli döwürlerde hem sabyrlylyk bilen parahatçylyga, dost-doganlyga, agzybirlige, ynsanperwerlige, goňşa mähriban bolmaga, myhmansöýerlige kalby bilen berlendigini duýýarsyň. Ene-mamalarymyzyň gürrüňini diňleseň, her bir meseläniň çözgüdinde «gowy diýseň gowy bolar» diýen pähime eýerilendigine gözüň ýetýär. Bu bolsa bir-birege ynamyň güýçli bolandygyny aňladýar. Ynanyşmak ähli üstünlikleriň seresi. Gahryman Arkadagymyz Garaşsyzlyk we Bitaraplyk ýyllarynda ynanyşmak ýörelgesini hemra edinen halkymyza öňdengörüjilikli, parasatly baştutanlyk etmek bilen, ýurdumyzyň dünýä halklarynyň arasynda parahatçylygy, howpsuzlygy gorap saklamakda, durnukly ösüşi pugtalandyrmakda abraýly döwletleriň hatarynda bolmagyna getirdi.

Jennet ITALMAZOWA,
Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 3-nji orta mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar