Päk zähmetiň höziri

18 Fewral 2021
1187

Adamzat taryhyna we medeniýetine saldamly goşant goşan türkmen halky mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolup, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşaýar. Bu gün ýaşyl Tugy al-asmanda parlaýan Garaşsyz döwletimiz hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde pajarlap ösýär, ýurdumyzyň halkara abraýy barha artýar. Şeýle abadan, asuda durmuşda ýaşaýan halkymyzyň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda uly-uly zähmet ýeňişleri gazanylýar.

Ýurdumyzda halal zähmet çekeniň hemişe sarpasy belent tutulýar. Gahryman Arkadagymyz zähmetsöýerligiň nusgalyk göreldesini görkezýän ildeşlerimiziň armasyny yzygiderli ýetirip, olara özüniň Şa serpaýlaryny ýapýar. Geçen hepdäniň anna güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň ýörite Karary bilen, Daşoguz welaýatynyň, S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň 2020-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlaryň, etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanyp, Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etrap diýlip yglan edilmegi hem-de S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň häkimliginiň 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglanylmagy etrabyň ýaşaýjylary we bütin halkymyz üçin ýatdan çykmajak taryhy waka boldy. Munuň özi dana halkymyzda «Çekseň zähmet — ýagar rehnet» diýlişi ýaly, ähli watandaşlarymyzy Gahryman Arkadagymyzyň belent başlangyçlarynyň, beýik işleriniň, döwletli maksatlarynyň daşynda has hem berk jebisleşip, halal zähmet çekip, mukaddes Türkmenistan döwletimiziň pajarlap ösmegine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrdy.

Azat ODAÝEW,
Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher kazyýetiniň kazysy.
Beýleki habarlar