Interaktiw usulyň ähmiýeti

18 Fewral 2021
1401

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen milli bilim ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmek, ähli bilim ojaklarynda sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak, olary döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün etmek üçin amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler häzirki wagtda oňyn netijeleri berýär. Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylyp, okatmagyň usullary yzygiderli kämilleşdirilýär.

Okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde ulanylýan döwrebap usullaryň biri-de, sapaklarda interaktiw tagtalaryň we kompýuterleriň ulanylmagydyr. Iňlis dili sapaklaryny interaktiw tagtadan peýdalanmak we topar görnüşinde geçirilýän oýunlary ulanmak arkaly gurnamak sapagyň gyzykly geçmegine, okuwçylaryň sapaga gatnaşygyny ýokarlandyrmaga, olaryň berilýän maglumatlary doly özleşdirmegine, dil öwrenmäge bolan höweslerini has hem artdyrmaga uly ýardam berýär. Meselem, “Adjectives”, ýagny “Sypatlar” diýen temany geçenimizde sapagyň dowamynda Power point programmasynda taýýarlanan slaýdlardan, oýunlardan, audio we wideo serişdelerinden peýdalanmak sapagyň täsirli geçmegine we netijesiniň ýokary bolmagyna oňyn täsir edýär. Öz sapaklarymda slaýdlaryň kömegi bilen okuwçylara sypatlar barada umumy düşünje berýärin we türkmen dilindäki sypatlaryň ulanylyşy bilen deňeşdirip, iki diliň grammatikasyndaky meňzeşlikleri we tapawutly taraplaryny öwredýärin. Munda tablisalar, blok-shemalar, klasterler arkaly düşündirmek has gowy netije berýär. Okuwçylara sypatlar barada düşünje berenimden soň, olary iňlis dilinde esasy ulanylýan sypatlar bilen tanyşdyrýaryn we olaryň manysyny, haýsy atlar bilen bilelikde ulanylýandygyny slaýdlar, şekilli suratlar arkaly düşündirýärin. Iňlis dilinde sözleriň ýazylyşy bilen okalyşynyň meňzeş bolmaýandygy sebäpli sözleriň okalyş aýratynlygyny okuwçylara audioýazgylary diňledip gaýtalatmak has hem ýerlikli bolar. Okuwçylaryň temany has hem gowy özleşdirmekleri we olaryň sapaga işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak üçin sapagy gönükmeler we dürli oýunlar bilen berkidýärin. Okuwçylary toparlara bölüp, her topara bir ady häsiýetlendirýän sypatlary tapmagy tabşyrýaryn. Meselem, “apple” sözüni “sweet, tasty, red, green, yellow, fresh, round” ýaly birnäçe sypatlar bilen häsiýetlendirmek bolýar. Şeýle-de, interaktiw tagtanyň kömegi bilen klasterli oýun gurnamak bolýar. Tagtada Güneşiň şekiljigini çekip, onuň merkezinde bir sypaty ýazýaryn we okuwçylara Güneşiň şöhlelerinde şol sypat bilen ulanyp bolýan sözleri ýazmagyny soraýaryn. Meselem, “beautiful” sypat sözi “dress, flower, picture, photo, color” ýaly birnäçe atlar bilen ulanylýar.

Güljan BAZAROWA,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar